Türkmenistan COVID-19 boýunça «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» nobatdan daşary duşuşygyna gatnaşar

  • 10.08.2020 23:21
  • 18k+

Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçysy, wise-premýer R.Meredow 11-nji awgustda wideoaragatnaşyk boýunça geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gepleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary maslahatyna gatnaşar. Bu barada ORIENT Türkmenistanyň daşary syýasat edarasyna salgylanyp habar berdi.

Duşuşyga Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Toşimitsu Motegi, Gazagystandan – Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystandan – Çingiz Aýdarbekow, Täjigistandan – Sirojiddin Muhriddin we Özbegistandan – Abdulaziz Kamilow gatnaşarlar.
Nobatdan daşary duşuşygyň dowamynda häzirki epidemiologik ýagdaýy, koronawirus ýokanjyna we onuň täsirlerine garşy göreşde özara gatnaşyklary, şeýle-de pandemiýa şertlerinde geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň habar bermegine görä, ýurtda täze görnüşli koronawirus bilen keselleme ýagdaýy bellige alynmady.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......