Türkiýe Beýrutda partlamanyň zeper ýetiren portuny gaýtadan gurup bermegi teklip etdi

  • 09.08.2020 01:25
  • 11k+

Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý Ankaranyň Beýrutda partlamanyň zeper ýetiren portuny gaýtadan gurup bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada ТАSS habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Beýrutda türk gözleg-halas ediji otrýady işleýär, Ankara hem 400 tonna azyk harytlaryny iberdi.

“Türkiýe Beýrutda düýpli zeper ýeten porty we oňa ýanaşyk binalary gaýtadan gurmaga taýýar. Biziň Mersinadaky portumyz Beýrutda port dikeldilýänçä, Liwan tarapyndan peýdalanylyp bilner” – diýip, Oktaý aýdýar.

Ol ýükleri saklamak üçin portuň ammarlaryndan peýdalanmagy hem teklip etdi.
Wise-prezident zerur bolan ýagdaýynda partlamada zyýan çekenleri bejergi almak üçin tiz kömek uçarlarynda Türkiýä getirmegiň mümkindigini hem sözüniň üstüne goşdy. Onuň aýtmagyna görä, Ankara dermanlaryň we önümleriň üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem taýýar. Syýasatçy Türkiýäniň ýakynda ýerleşýändigini we Liwany ýalňyz goýmajakdygyny belledi.
Ýeri gelende aýtsak, beýleki ýurtlar hem portdaky partlama bilen baglylykda, Liwana kömek ugratdylar. Italiýa 14 sany ýangyn söndürijiden ybarat topary iberdi, olaryň wezipesi detonasiýadan soň galan ekologiýa üçin howply bolan maddalary anyklamak we abat galan gurluşlaryň berkligini barlamakdan ybarat. Russiýa hem zeper ýeten şähere lukmanlary iberdi. ABŞ Liwana önümler, dermanlar, suw we enjamlar bilen ýüklenen üç uçary iberdi.
Şeýle-de, Awstriýanyň DIM-de habar berlişine görä, Awstriýanyň federal hökümeti kömek üçin Liwana €1 mln bölüp berer. Germaniýa hem Beýrutdaky partlama bilen baglylykda, Gyzyl Haç guramasynyň german jemgyýeti ugry boýunça (DRK) gyssagly ynsanperwer kömek hökmünde Liwana €1,5 milliondan gowrak bölüp berdi. Bu barada GFR-nyň DIM-niň metbugat gullugynda habar berildi.

düýn 22:54
1.3k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
3.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.7k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......