R.Meredow germaniýaly kärdeşi bilen COVID-19-a garşy göreşde tagallalary birleşdirmegi maslahatlaşdy

  • 08.08.2020 08:07
  • 15k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Berger telefon arkaly söhbetdeşlikde COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda netijeli görkezijileri gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýän iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

düýn 22:54
1.3k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
3.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.7k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......