ABŞ-nyň ykdysady ýitgileri ony dünýä liderliginden aýryp biler

  • 05.08.2020 16:02
  • 10k+

Analitikleriň pikirine görä, ABŞ-nyň ykdysadyýeti koronawirus zyýanyndan ýakyn wagtda saplanyp bilmez. Döwlet karzynyň köp bolmagy we uly federal çykdajylar Waşingtonyň global hadysalara täsirini ýetirip bilmek ukybynyň ýitmegine howp salýar.
Amerikan ykdysadyýeti şu ýarymýyllygyň içinde pese gaçyşy görkezdi. Ýylyň galan böleginde hem ABŞ öz ýagdaýyny “koronawirusdan öňkä” çenli dikeltmäge synanyşar. Ýöne Waşington muňa birnäçe ýyly sarp eder. Bu barada InoSMI internet-neşiri ýazýar. Muny politexpert.net ýetirýär.

ABŞ-nyň jemi içerki önümi keseliň ýokary derejesi wagtynda 30 göterimden gowrak ýitgini görkezdi. Häzir bu sanlar o diýen gorkunç däl, sebäbi keseliň ýokary derejesi aprel aýyna düşdi. Ýöne koronawirusyň täze ýaýrawlary jemi içerki önümiň görkezijileriniň ösmegini gowşadýar. ABŞ-nyň “dikelmegine” ýardam etmäge gönükdirilip kabul edilen çäreler häzirlikçe netije bermeýär.
Ýerli kompaniýalar üçin hem ýagdaý gowa tarap üýtgänok, olaryň girdejileri heniz hem azalmagyny dowam etdirýär. Ikinji çärýekde esasy kapitala maýa goýum 27% pese düşdi, gozgalmaýan emläge maýa goýum hem tas 39% pese gaçdy.
Koronawirus bilen kesellän amerikanlaryň sanynyň artmagy ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşini saklaýar, şonuň netijesinde döwlet federal ätiýaçlygy ep-esli zyýan çekýär. Şol sebäpli Waşingtonyň içki syýasatyny amala aşyrmaga hem puly galmaz. Içki syýasatdaky basyş ABŞ-nyň dünýä arenasynda ornuny üýtgeder.

düýn 22:54
1.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
3.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.7k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......