Iň gymmat häzirkizaman awtomobilleriniň reýtingi düzüldi

  • 27.04.2020 17:14
  • 10k+

 «Автоновости дня» portalynyň redaksiýasy iň gymmat häzirkizaman awtomobilleriniň reýtingini düzdi, bu barada inforeactor.ru habar berýär.
Sanawyň birinji ornuny Bugatti La Voiture Noire eýeledi. Bu ulag 19 mln dollara durýar, onuň aýratynlygy başga şular ýaly ulagyň ýokdugyndan ybaratdyr. Superkar awtoöndürijiniň 110 ýyllyk ýubileýiniň şanyna döredilipdi. Bu ajaýyp awtomobiliň eýesi 2021-nji ýylda tamamlanmaly bolan ýygnama işleri ahyrlanmanka belli boldy. Model 1500 a.g kuwwatly 8 litrlik turbohereketlendirijisi bilen üpjün edilen. Ol ulaga sagatda 420 kilometre çenli bat almaga mümkinçilik berýär.
Reýtingiň ikinji setirinde britan awtomobili Rolls Royce Sweptail ýerleşdi. Model ýörite sargyt boýunça taýýarlanyldy, ulagyň eýesi 13 mln dollar töledi. Bu ulagy döretmekde esas hökmünde Rolls Royce Phantom alyndy. Bezeg işlerinde deňiz ýahtalarynyň gurluşygynda ulanylýan ýokary hilli materiallar peýdalanyldy.
Iň gymmat häzirkizaman awtomobilleriniň üçlügini Bugatti Centodieci jemleýär. Bugatti brendiniň bu eksklýuziw modeli hem kompaniýanyň 110 ýyllygynyň şanyna döredilen. Şeýle ulagdan, takmynan, 10 sanysy çykaryldy, olaryň her biriniň bahasy 9 mln dollar. Awtomobil 8 litrlik turbo-howa berijisi bilen üpjün edildi, onuň kuwwatlylygy ýarym müň “atdan” ýokary. Şonuň netijesinde awtomobil 2,5 sekundyň içinde 100 km/sag çenli bat alyp bilýär, tizligiň ýokary derejesi 380 km/sag barabar.

düýn 22:25
1.5k+

Toyota kompaniýasy bZ seriýasynyň sedanlaryny we krossowerini görkezdi

2026-njy ýylyň Pekin awtosalonynda Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kompaniýasy özüniň bZ hataryndan birbada dört sany elektromobili tanyşdyrdy: bZ3 sedanyny, bZ5 liftbegini, bZ3X krossowerini we täze flagman......

düýn 16:04
5.4k+

Täze Lexus ES täzelenen dizaýna we öňküden uly göwrüme eýe boldy

Lexus kompaniýasy Pekin awtosalonynda täzelenen ES 2026 biznes-sedanyny tanyşdyrdy....

düýn 13:03
4.2k+

BMW 2027-nji model ýylynyň täzelenen 7 Series-ni görkezdi. Ol 394 at güýjüne eýe we bahasy 101 000 dollardan başlaýar

BMW kompaniýasy 2027-nji model ýyly üçin flagman 7 Series sedanynyň täzeden işlenen görnüşi bilen resmi taýdan tanyşdyrdy. Onuň bahasy sähel galdyrylyp, uly tehniki we sanly gowulandyrmalar girizilipdir....

düýn 11:53
2.6k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......