Wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmelerde türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ugurlary maslahatlaşyldy

  • 15.04.2020 22:48
  • 2.3k+

Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlarynyň üstünde jikme-jik durup geçdiler. Mundan başga-da, diplomatlar ozal gol çekilen döwletara şertnamalarynyň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine syn berdiler.
Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, özarabähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......