Türkmenistan ulag ulgamynda BMG-niň halkara resminamalaryna goşulmak meselesini öwrenýär

  • 15.04.2020 22:41
  • 2.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygyny geçirdiler. Iş duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BMG-niň edaralarynyň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns ulag we ýük daşama ulgamynda birnäçe halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesine çekildi. Bu bolsa sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekki ösüşine uly goşant goşar.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň 14-nji martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ähmiýeti barada hem belläp geçdiler.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......