Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 14.04.2020 09:41
  • 6.7k+

13-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda paýtagtymyzy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhüm meselelerine hem-de öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görlüşine garaldy.
Maslahatyň başynda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan şäheriň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler hem-de tomusky möwsüme taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.
Soňra welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulag serişdelerini netijeli işletmek, babadaýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy we depgini, şol sanda meýdanlarda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi, gowaça ekişiniň geçirilişi, güýzlük bugdaýa, ýeralma, sogan we gök-bakja ekinlerine ideg edilişi, oba zähmetkeşleriniň dökün, suw, tohum hem-de beýleki zerur serişdeler bilen öz wagtynda ýeterlik mukdarda üpjün edilişi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyryljak desgalaryň gurluşygyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözülişine hemişe gözegçiligi üpjün etmegi tabşyryp, welaýat häkimlerine her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......