Türkmenistanyň Prezidenti koronawirusa garşy göreşde tejribe we bilimleri alyşmagyň möhüm ähmiýetini belledi

  • 13.04.2020 20:11
  • 10k+

Saglygy goraýyş ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy biziň bilelikdäki işlerimiziň netijeli bolmagynyň möhüm şertidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Döwlet Baştutany emele gelen ýeňil bolmadyk häzirki şertlerde koronawirus ýokanjyna garşy göreşde toplanan tejribäni we bilimleri alyşmagyň, howply ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamagyň, häzirki zaman lukmançylyk serişdelerini döretmegiň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda teleköprüleri, wideomaslahatlary guramak, uzak aralykdan pikir alyşmagyň beýleki usullaryny ulanmak ýaly görnüşlerini teklip etdi. Bu möhüm işlere tejribeli lukmanlar, alymlar, bilermenler we lukmançylyk ulgamynyň ähli wekilleri giňden gatnaşdyrylmalydyr. Şeýle hem täze howplara garşy göreşmek we emele gelen kynçylyklary ýeňip geçmek bilen bagly iş alyp barýan beýleki düzümleri hem-de pudak edaralary çekilmelidir.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......