Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 10.04.2020 09:42
  • 10k+

9-njy aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy.
Saparyň barşynda döwlet Baştutany Aşgabadyň täze dolandyryş-işewür merkeziniň kemala gelýän günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklary synlady. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy we Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, Kabul ediş merkezi, «Arkadag» kaşaň myhmanhana, Hökümet münberiniň binasy bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan binalary häzirki zaman tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlar bilen enjamlaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde netijeli işlemek hem-de köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin şertleri döretmek baradaky meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şäheriň bu böleginde täze desgalar gurlanda, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr hem-de häzirki zamanyň täze gurluşyklary biri-biri bilen sazlaşmalydyr. Binalaryň bezelişi şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly kybap gelmelidir hem-de milli bezeg aýratynlyklaryny beýan etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň bezelişine hem-de bu ýerde ulanylýan dürli serişdelere ünsi çekip, şu işleriň hiliniň ýokary derejesini we olaryň bildirilýän talaplara laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyryp, ulanylýan serişdeleriň berkligi hem-de uzak möhletleýinligi bilen tapawutlanmalydygyny nygtady.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......