HBS: Hytaý ABŞ-dan suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ýene-de satyn alyp başlady

  • 27.03.2020 09:51
  • 5.5k+

Hytaý ABŞ bilen öň baglaşan söwda şertnamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde ondan suwuklandyrylan uglewodorod gazyny (SUG) ýene-de satyn alyp başlady, bu barada Reýter agentligine salgylanmak bilen 1prime habar berýär.
Agentligiň maglumatlary boýuça, 2017-nji ýylda Hytaý ABŞ-dan SUG-y import etmek boýunça ikinji orundady. Bu satuw 2 milliard dollar möçberde 3,6 million tonna barabardy. Ýöne 2018-nji ýylyň ahyrynda bu import peseldilip başlandy we ýurtlaryň arasyndaky söwda dawalarynyň fonunda ol aradan aýryldy.
“Hytaý tas 20 aý arakesmeden soň suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ýene-de satyn alyp başlady, sebäbi Pekin amerikan-hytaý ylalaşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde amerikan harytlarynyň importuny artdyrmak üçin gümrük pajyndan ýüz öwürdi” diýlip habarda bellenilýär. 
Agentligiň bellemegine görä, şu aýda Pekin amerikan eksport harytlarynyň tas 700 görnüşi üçin ýeňillikleri döredeninden soň,  Hytaý ýangyja we ABŞ-nyň gaz önümçiligi bilen bagly harytlaryna bolan 25% gümrük pajy ýatyrmak barada arza berdi. 
Habarda salgyt ýeňilliklerine China Gas Holdings we Oriental Energy kompaniýalarynyň eýe bolandygy barada aýdylýar.
Pekinden IHS analitigi Hytaýyň umumy bahasy 220 müň tonna möçbere barabar bolan bäş tapgyry bronlandygyny agentlige habar berýär. Beýleki bir analitik bu işleriň aprelde dikeldiljekdigini, ýöne nebite bolan bahanyň peselmeginiň ABŞ-da SUG-nyň önümçiliginiň peselmegine getirjekdigini belleýär.
ABŞ bilen Hytaýyň arasynda söwda ylalaşygynyň birinji tapgyry boýunça şertnama gol çekmek dabarasy Waşingtonda 15-nji ýanwarda geçipdi. Dokumentde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we HHR-niň Döwlet komitetiniň wise-premýeri Lýu He öz gollaryny goýdular. Hytaý şertnamanyň hereket edýän  birinji ýylynyň dowamynda amerikanyň önümlerini satyn almak işlerini $76,7 mlrd, ikinji ýylyň dowamynda $123,3 mlrd möçberde artdyrmaga razy boldy.
Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda garşylyklary 2018-nji ýylyň iýulynda başlady. Şonda Waşington hytaý harytlarynyň ýylda umumy $34 mlrd göwrümli 818 görnüşiniň importuna 25% gümrük pajyny girizdi. Pekin hem garşylyklaýyn çäreleri kabul etdi. Soňrak taraplar täze paçlary girizdiler.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......