Türkmenistana «John Deere-iň» oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry getirildi

  • 25.03.2020 12:13
  • 5.2k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasyndan telematik sanly elektron ulgam arkaly dolandyrylýan takyk gowaça ekijiler we bejergi traktorlary ýurdumyza gelip gowuşdy. Häzirki wagtda bu tehnikalar ekerançylyk meýdanlarynda ornaşdyrylyp başlanyldy.
Ýurdumyza şu ýylyň mart — aprel aýlarynda bu kysymly traktorlaryň jemi 155-si we olar üçin şonça teker toplumlary we kultiwatorlar hem-de seýalkalaryň 98-si gelip gowuşar.
Mundan başga-da, «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasy bilen Türkmenistana 600 pagta ýygyjy kombaýnlary getirmek barada täze iri ylalaşyklar baglaşyldy. Şolaryň 300-si 2019-njy ýylda gelip gowuşdy, ýene-de 300-si 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsümine çenli gelip gowşar.
Belläp geçsek, 2017 — 2018-nji ýyllarda ýurdumyza «John Deere 9970» kombaýnynyň 400-si gelip gowuşdy. «CLASS» kompaniýasynyň «TUCANO 420» kysymly döwrebap däne ýygyjy kombaýnlarynyň 1000 sanysy, bu kompaniýanyň «AXION 850» kysymly sürüm traktorlarynyň 800 sanysy we «AXOS 340» kysymly bejergi traktorlarynyň 1550 sanysy ýurdumyza getirildi.
Bularyň ählisi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebap ösdürmäge, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmäge ýardam berýär. Netijede bolsa, munuň özi ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almaga hem-de ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almaga mümkinçilik berer.

düýn 19:17
3.7k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
1.9k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 14:43
6.3k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......

düýn 11:57
5k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......