Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisini geçirdi

  • 10.03.2020 22:40
  • 4.9k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 10-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasynda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hasabat bilen çykyş etdiler. Aşgabat şäheriniň häkimi şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, öňde boljak şanly senelere, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň derejesi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän ideg işleri barada hasabat berdiler. Şeýle hem welaýatlaryň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça bellenilen işleriň çäklerinde amala aşyrylýan işler, öňde boljak şanly senelere, bag ekmek boýunça ählihalk dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp oba hojalygynda möhüm möwsümleriň biri bolan ýaz ekişine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany gowaça ekişini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin zerur taýýarlyk çärelerini görmelidigini, ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsüme ýokary hilli taýýarlamalydygyny, gowaça tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly taýýar etmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini güýçlendirmegi, agrotehniki çäreleriň bellenen möhletde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanyny artdyrmak, şol ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etmek hem-de ýokary hasylyň kemala getirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutany ählihalk bag ekmek dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi barada aýdyp, bu ugurda zerur bag nahallaryny we şolaryň ekiljek ýerlerini doly taýýarlamak, bu çärä ähli edara-kärhanalaryň işgärleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek barada tabşyryk berdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Nowruz gününe hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......