Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň ähli banklary ähli pudaklara konsultatiw we usulyýet tarapdan ýardam etmelidirler»

  • 06.03.2020 00:14
  • 9.7k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji martda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde dünýäde bar bolan töwekgelçilikleriň täsirini azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we Merkezi bankyň başlygy häzirki döwürde toplumyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli önümler üçin daşary ýurt bazarlarynyň gerimini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, işewürligi goldamagyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ykdysadyýeti ulgamynda bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin halkara hyzmatdaşlary bilen alnyp barylýan işleriň depgini güýçlendirilmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çökgünlige garamazdan, içerki bazaryň zerur harytlar bilen doly üpjün edilmegi ileri tutulýan ugur bolmalydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň içerki önümçiligiň okgunly ösüşiniň we öz-özüňi senagat taýdan üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň netijesinde emele gelýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligiň iri korporasiýalarynyň hem-de kärhanalarynyň arasynda ýola goýulýan ýygjam hyzmatdaşlygyň möhüm ädim bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle hem ykdysady toplumynyň işgärleriniň ösen tehnologiýalardan habarly bolmagy üçin, olaryň arasynda synag sapaklarynyň geçirilmegi möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz ministrliklere islendik meseleleri çözmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek arkaly olara ýardam bermegiň ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm wezipedigini aýdyp, bu ýerde gürrüňiň daşary ýurtlara önümleri ibermäge niýetlenen üpjünçilik we senagat ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak barada barýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ähli banklary ähli pudaklara konsultatiw we usulyýet tarapdan ýardam etmelidirler. Iň esasy bolsa serişdeler örän tygşytly we netijeli ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......