«Ýewropa Bileleşigi energetika ulgamyna degişli gatnaşyklary has-da ilerletmäge taýýar» — Lýubomir Frebort

  • 14.01.2020 23:43
  • 2.3k+

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort Aşgabatda geçirilen halkara forumynda eden çykyşynda şeýle belledi: «Gatnaşyklarymyzyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy howpsuzlyk, energetika, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, adam hukuklary hem-de ençeme beýleki strategik ulgamlarda bilelikde hereket etmegiň syýasy we ykdysady ugurlaryny yzygiderli giňeltmäge mümkinçilik berýär».
Ýewropa Bileleşigi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazy eksport etmäge degişli bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky syýasatyny hem doly goldaýar. Strategik Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de türkmen gazynyň kabul edilmegi energetika howpsuzlygy ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, bu taslamany täze Ýewropa komissiýasy ýakynda ileri tutulýan energetika taslamalarynyň täzelenen sanawyna girizdi. Biz 2019-njy ýylda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn energetika ulgamyna degişli gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirdik hem-de bu gatnaşyklary has-da ilerletmäge taýýardyrys.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda bu strategiýany Türkmenistanda amala aşyrmak maksady bilen hereket etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin simpozium geçirmegi teklip etdi. Ýewropa Komissiýasynyň goňşuçylyk we ösüş boýunça täze guraly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň täze ikitaraplaýyn maksatnamalaryny hödürlemäge Ýewropa Bileleşigine mümkinçilik berer.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......