Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanyp ylmy maslahat geçirildi

  • 12.12.2019 19:27
  • 1.8k+

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk" atly ylmy maslahat geçirildi.
Çykyşlaryň dowamynda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň sebitdäki hem-de dünýädäki ähmiýetiniň üstünde durup geçdiler. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa öz çykyşynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň täsirli ähmiýetini bellemek bilen, onuň hemişelik görnüşi we oňyn, konstruktiw nusgasy barada aýdyp geçdi.
Maslahatyň dowamynda şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň başlygy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy E.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd hem-de Italiýa Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçileri, Türkmenistanyň Italiýadaky we ABŞ-daky Ilçileri çykyş etdiler.
Soňra gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine onuň ösüş, durnuklylyk we ynsanperwer ýörelgelerini durmuşa geçirmek esasynda adamzadyň hatyrasyna parahatçylygy üpjün etmekde ýadawsyz tagallalary, şeýle hem Türkmenistanyň abadançylygy we ösüşi üçin edýän köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Maslahatyň ahyrynda baýramçylyk konserti we milli we daşary ýurt aşhanasynyň tagamlaryna bagyşlanan sergi geçirildi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......