Messi «La Ligada» het-trikleriniň sany boýunça Ronaldunyň rekordyny täzeledi

  • 09.12.2019 23:20
  • 2.5k+

«Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň çempionatynda öz hasabyna ýene bir het-trigi ýazdy.
Lionel Messi «Malorka» garşy oýunda üç gol salmagy başardy we öz toparyna ýeňiş gazanmaga kömek etdi. 32 ýaşly hüjümçi üçin bu La Ligada 35-nji het-trik boldy. Şeýle ýagdaýda ol «Realyň» oýunçysy hökmünde çykyş edip, öz hasabyna 34 het-trik ýazan Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi.
34 ýaşly portugaliýaly oýunçy madrid kluby üçin 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli çykyş etdi.
Häzirki möwsümde Messiniň hasabynda 10 oýunda 12 gol we 5 gezek netijeli pas bar.

şu gün 13:11
2.2k+

«PSŽ» penalti tapgyrynda FIFA-nyň Yklymara kubogyny utdy: Safonow 4 topy yzyna gaýtardy

«Pari Sen-Žermen» taryhda ilkinji gezek FIFA-nyň Yklymara kubogynyň eýesi boldy. Ol Braziliýanyň «Flamengo» klubuny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy. Er-Raýýanda (Katar) geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, 11 metrlikden gol geçirmekde bolsa parižliler güýçli geldi – 2:1...

şu gün 11:52
1.2k+

Usman Dembele IFFHS tarapyndan 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «Pari Sen-Žermen» klubunyň hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi...

düýn 16:49
3k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
8.9k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...