Ýolbaşçylar öz edarasynyň iş maksatnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde esaslandyryp gorap bilmeli

  • 07.12.2019 05:51
  • 3k+

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagy boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Her bir ýolbaşçynyň öz ministrliginiň we pudak edarasynyň geljek ýyl üçin iş maksatnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde esaslandyryp gorap bilmegi zerurdyr diýip, döwlet Baştutany belledi we ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyklary boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe we ykdysadyýet ministrine ýüzlenip, ähli salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň hem doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, göz öňünde tutulan ähli desgalary ýylyň ahyryna çenli ýokary hilli gurup ulanmaga bermek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Gurluşyk işleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmelidir.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, wise-premýerleriň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri baradaky hasabatlary Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde diňleniler.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......