Ruiz — Joşua: boks boýunça ýylyň ahyrky iň uly duşuşygy

  • 05.12.2019 06:25
  • 5.3k+

2019-njy ýylyň iň meşhur duşuşygynda britan ýyldyzy rewanş etmek arkaly meksikaly garşydaşyndan titulyny yzyna almaga synanyşar.
7-sinden 8-nji dekabra geçýän gije Saud Arabystanynda uly boks agşamy geçiriler. Onda meksikaly Endi Ruiz we angliýaly Entoni Joşua 2019-njy ýylyň dowamynda eýýäm ikinji gezek ringde duşuşarlar. Olar häzirki porfi-boksda esasy dört guşagyň üçüsine eýelik etmek ugrunda bokslaşarlar.
Ýatlatsak, 1-nji iýunda olaryň birinji duşuşygynda Ruiz Joşuany 7-nji raunda nokauta gidiripdi. Şonda gazanylan garaşylmadyk netije promouterlere bu duşuşygyň rewanşyny guramaga mejbur edipdi.
Ruiz garaşylmadyk ýagdaýda üç wersiýa — WBA, WBO we IBF boýunça şol wagtky çempiony nokauta gidirip, guşaga eýe bolupdy.

düýn 19:09
6.4k+

“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 17:08
6.7k+

Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy...

düýn 14:26
1.9k+

Guramaçylar 2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlaryny Günorta Koreýa göçürmegi göz öňünde tutýarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmek baradaky teklip bilen Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetine ýüz tutdy. Guramaçylar Saud Arabystanynyň ýaryşlaryň geçirmek meýilleşdirilen ýeri bolan Troýena (Trojena) lyža kurortyny wagtynda gurup ýetişdirip biljegine şübhelenýärler...

düýn 14:09
4.9k+

“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy

“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi...