Messi altynjy gezek «Altyn top» aldy

  • 03.12.2019 06:18
  • 6.1k+

Argentinaly Lionel Messi altynjy gezek «Altyn topa» eýe boldy. «Barselonanyň» hüjümçisine bu baýragy geçen ýylky ýeňiji Luka Modriç gowşurdy. Dabara Parižiň Şatle teatrynda geçirildi.
Sport žurnalistleriniň ses berlişiginde ikinji orna gollandiýaly Wirdjil wn Deýk, üçünji orna bolsa – Kriştianu Ronaldu eýe boldy.
Altynjy «Altyn top» — bu rekord görkezijidir. Şeýlelikde, Messi bu baýragyň bäşisine eýe bolan Ronaldudan öňe geçdi. Öz döwründe Mişel Platini, Ýohan Kroýf we Marko wan Basten üç «Altyn topa» eýe bolupdy.
Hünärmenler geçen möwsümiň Messi we «Barselona» üçin diýseň üstünlikli geçendigini bellediler. «Barselona» Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy we Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyryna çenli bardy. Argentinaly oýunçy topary üçin 44 duşuşyga gatnaşyp, 41 gol salmagy başardy. Ol «La Ligada» we Çempionlar ligasynda iň gowy hüjümçi adyna eýe boldy, Ýewropanyň iň gowy oýunçysy adyna eýe bolup, «Altyn butsy» baýragyny aldy.

düýn 16:49
2.7k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
8k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
6.3k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
2k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...