Benzema başga ýygyndy toparda oýnamaga taýýardygyny mälim etdi

  • 21.11.2019 05:38
  • 3.5k+

“Realyň” hüjümçisi Karim Benzema 4 ýyldan bäri fransuz ýygyndysyndan çakylyk alanok. Bularyň ählisi dawa bilen baglanyşykly, ýagny onda Karim özüniň watandaşy Matýe Walbuena haýbat atanmyş. Muňa garamazdan, 31 ýaşly hüjümçi halkara derejesindäki karýerasynyň tamamlanandygyny habar edenok. Mümkin, Benzema Fransiýanyň ýygyndy toparyna dolanmagy ýa-da ony çalşyrmagy umyt edinýändir.
Ýaňy-ýakynda bolsa Fransiýanyň futbol Federasiýasynyň prezidenti Noel Le Gre Benzemanyň ýygynda hiç haçan goşulmajakdygyny anyk aýtdy - tälimçiniň kimdigi hem möhüm däl: “Elbetde, ol örän güýçli futbolist. Ýöne men ony şeýle işi üçin bagyşlap bilmeýärin. “Realda” ol esasy oýunçy, bu onuň öz işine ökdeleriň biri diýmekdir. Ýöne onuň ýygyndy topardaky karýerasy tamamlandy”.
Öz gezeginde Karim hem twitterda şeýle ýazýar: “Ýygyndy toparda karýerany gutarmalymy ýa-da däl, muny diňe men çözerin. Eger-de kimdir biri meniň bilen hemme zat gutardy diýip hasaplasa, onda maňa başga bir ýygyndy topary saýlamaga mümkinçilik beriň. Maňa çykyş etmäge rugsat ediljek ýygyndyny we ähli adamlaryň meniň oýnumy görüp biler ýaly topary beriň”.
Benzemanyň ýagdaýy aňsat däl. Raýatlygyňy üýtgetmäge mümkinçilik az, ýöne muny hakykatdan hem amala aşyryp bolýar. FIFA-nyň düzgünlerinde hem şeýle mümkinçilik bar, hatda gürrüň 21 ýaşdan uly futbolist hakynda gitse hem – eger-de oýunçy öz islegi boýunça ýurduň raýatlygyndan aýrylmadyk bolsa (meselem, hökümetiň çözgüdi boýunça).
Benzema futbol raýatlygyny çalyşmak üçin FIFA ýüz tutmaly bolýar. Şeýle ýüz tutma fotbolisti kabul etmäge taýýar bolan, ýurduň futbol Federasiýasyndan hem bolmaly. Karimde iki wariant bar: Alžir (onuň ene-atasy şu ýurtda doguldy) we Ispaniýa (oýunçy azyndan bäş ýyl çykyş etjek ýygyndy toparynyň döwlet çäginde ýaşamaly bolýar).
60-njy ýyllaryň başynda FIFA futbolistiň diňe bir ýygyndy toparda oýnap biljekdigi barada çözgüt kabul edýär. Bu shema Katar ýygyndy toparyna brazil oýunçylaryny çagyryp başlanda, ýagny 2000-nji ýyllarda bozulýar. Şonda FIFA düzgünleri güýçlendirýär – indi raýatlygyny çalşan wagtynda oýunçy şu şertleriň iň bolmanda birini ýetirip bilende täze ýurduň ýygyndy toparynda çykyş edip bilýär:
- Ol şu ýurduň territoriýasynda doguldy;
- Biologiki ene-atasynyň iň bolmanda biri şu ýurtly hasaplanylýar;
- Oýunçynyň enesi ýa-da atasy şu ýurtda doglan;
- Ol şu döwletiň çäginde bäş ýyl üznüksiz ýaşady.

düýn 16:49
2.2k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6.8k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
5.3k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.8k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...