Italiýaly işewürler TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy bilen tanyşdylar

  • 08.11.2019 17:28
  • 3.1k+

Milanda şäherinde geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy tanyşdyryldy. Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýeti italiýaly işewürleri TOPH taslamasy we onuň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem taslamanyň tehniki, satyn alyş, jemgyýetçilik we maliýe ýagdaýlary barada aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.
Hususan-da, habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni gaz geçirijiniň türkmen böleginiň 100 kilometrini gurdy. TOPH-nyň owgan we pakistan böleginiň uzynlygy 1635 kilometrden ybarat bolup, bu iki ýurduň hersinde 3 sany gaz saýlaýan beket hereket eder.
Taslamanyň sebit üçin möhüm ykdysady ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. TOPH Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin düýpli itergi berer. Birinjiden, tebigy gaz arkaly elektrik energiýasynyň önümçiligi dizel ýangyjyny we mazudy peýdalananyňdan has arzan; ikinjiden, tebigy gaza bolan mümkinçilik senagatlaşmany we maýa goýumlary höweslendirer; üçünjiden, Owganystan we Pakistan üstaşyr geçirendikleri üçin milliardlarça ýygym alarlar.
Ulanyş boýunça potratçylardyr gaz geçirijä tehniki hyzmat edijiler hem düýpli ykdysady bähbitleri alarlar. Garaşylyşy ýaly, TOPH gaz geçirijisi Owganystanda we Pakistanda 40 müňden gowrak iş orunlaryny döreder. Olaryň aglaba bölegi gurluşyk, ulanyş, hyzmat ediş we gaz geçirijiniň howpsuzlyk üpjünçiligi bilen meşgul bolarlar. Gaz geçiriji şeýle hem bu ýurtlaryň senagatlaşmagy we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin itergi bolar.

17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...