ABŞ bilen Hytaýyň oňyn gepleşikleri nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi

  • 05.11.2019 19:10
  • 3.4k+

«Brent» söwda belgili nebitiň bahalary 1 %-den gowrak ýokarlanyp, ICE biržasynda barreli 62,53 dollara deň boldy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
«Praým» agentliginiň belleýşi ýaly, treýderleriň ABŞ bilen Hytaýyň arasynda söwda ylalaşygy hakynda oňyn täzeliklere garaşmagy netijesinde nebitiň bahalary gymmatlaýar. Habar beriş serişdeleriniň öňräk habar berşi ýaly, Hytaýyň Lideri Si Szinpin we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özara gepleşiklerde oňyn netijeleri gazanandyklaryny bellediler.
Mundan başga-da, «breksiti» ylalaşmak boýunça gepleşikler hem dünýäniň ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagyna we nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde şertnamasyz çykmak mümkinçiliginiň aradan aýrylmagy nebit bazaryna belli bir derejede oňaýlylyk döretdi.
Häzir bilermenler ABŞ-nyň nebit we benzin ätiýaçlyklary hakynda çarşenbe güni maglumatlaryň neşir edilmegine garaşýarlar. Bu maglumatlar hem «gara altynyň» bahasyna düýpli täsir edip biler.
Umuman, nebit bazarynyň analitikleri «Brent» söwda belgili nebitiň bahasynyň 63 dollara çenli ýokarlanmagynyň mümkindigini belleýärler.

17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...