«Turkmen Petroleum» türkmen nebit önümleriniň satylyş bazarlaryny işjeň giňeldýär

  • 30.10.2019 06:33
  • 3.4k+

«Turkmen Petroleum» kompaniýasy TNGIZT-niň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär. Şu ýylyň ilkinji 9 aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýän önümleriň 500 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdy. Bu görkeziji geçen ýylky möçber bilen deň bolup, ýylyň ahyryna çenli satuwlary 800 müň tonna çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.
«Turkmen Petroleum» 2016-njy ýyldan bäri toplumyň halkara dellaly bolup durýar. Kompaniýanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde we Germaniýanyň Frankfurt şäherinde söwda wekilhanalary bar.
Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda kompaniýa tarapyndan ýerlenilýän önümleriň sanawyna ýangyç mazudy, A-92 görnüşli awtoulag ýangyjy, dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly dizel ýangyjy girýär.
Hususan-da, «Turkmen Petroleum» kompaniýasynyň Owganystandaky çelekli bazasyna А-92, А-80, EKО-93 kysymly awtoulag ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy, ТС-1 we Jet A-1 kysymly howa ulaglary üçin ýangyç ugradylýar. Özbegistana howa ulaglary üçin kerosin we nebit bitumlary, Ukrainanyň bazaryna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Polimer zawodynda we TNGIZT-de öndürilen dürli görnüşli polipropilen iberilýär.
Ýükler sarp edijilere deňiz tankerlerinde, demir ýol we awtomobil ulaglarynda ýetirilýär. Şunda bar bolan logistika ýollarynyň hemmesi, şol sanda Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan-Gruziýa-Türkiýe (“Lapis Lazuli”) we Hazar deňziniň üsti bilen Wolga-Don gämi kanaly bilen Azow we Gara deňizlerine çykyş ýaly halkara ulag geçelgeleri ulanylýar.
Şeýle hem kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň şertlerinde ýurdumyzda işleýän kompaniýalardan satyn alynýan çig nebiti TNGIZT-e iberýär.
«Turkmen Petroleum» kompaniýasynyň strategiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny çekmegiň hasabyna işini mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir.
Netijede, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlykda Günbatar Türkmenistanyň känlerinde çig nebitiň çykarylyşynyň derejesini mundan beýläk hem artdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe innowasion tehnologiýalarynyň tejribe-senagat synagy üstünlikli geçirildi.
«Turkmen Petroleum» «Türkmengazyň» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen, häzirki wagtda tebigy gazyň we kondensatyň gazylyp alnyş möçberini artdyrmak boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......