Türkmenistana ýylyň başyndan bäri «KamAZ» awtomobilleriniň 900-den gowragy getirildi

  • 26.10.2019 06:26
  • 3.5k+

«Kamaz awtoulaglarynyň iki müň sanysyny satyn almak hakynda üç ýyllyk şertnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistana eýýäm bu ulaglaryň 982 sanysy getirildi.Bu barada SNG.today saýty «Kamazyň» metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
«KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň täze gelip gowşan nusgalary Ýewro-3 ülňülerine laýyk gelýän dizel ýangyjynda hereket edýär. Onuň 400 l.s. hereketlendirijisi has kuwwatly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, eýsem, has ekologiýa we tygşytlylyk taýdan has amatly edildi. Täze tehnikalar sürüjiniň işi üçin oňaýly şertleri döredýän galmagaly peseldýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyryldy.
Belläp geçsek, 2008-2018-nji ýyllar aralygynda ýurdumyza «Kamaz» ýük awtomobilleriniň we ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň 9000-den gowragy getirildi. Bu ulaglar we ýöriteleşdirilen tehnikalar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işjeň peýdalanylýar.
Bu kysymly ulaglara bolan ýokary islegi nazara alyp, 2008-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda «Kamaz» okuw-serwis merkezi işläp başlady.
Türkmenistanda, mundan başga-da, Aşgabatda, Balkanabatda, Maryda we Türkmenabatda «Kamazyň» dilerlik merkezleri döredildi.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan «KAMAZ FTC CORP. LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasyndan «KAMAZ» kysymly awtomobilleriň we ýörite tehnikalaryň uly tapgyry (2 müň birlik) hem-de ätiýaçlyk şaýlary tapgyrlaýyn esasda satyn alnar.

şu gün 12:49
399

Reuters: Tesla-nyň direktorlar geňeşiniň agzalary höweslendirmeleriň hasabyna 3 milliard dollardan gowrak gazandylar

Tesla kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzalary 2004-nji ýyldan bäri, esasan, paýnama opsionlary görnüşinde jemi 3 milliard dollardan gowrak sylag gazandylar. "Equilar" kompaniýasynyň hasaplamalaryna esaslanyp, "Reuters" agentligi şeýle maglumat berýär...

şu gün 12:17
964

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...

düýn 16:43
3.6k+

Jeep Wrangler ýolsuz awtoulagy ak reňkli radiator gözenegi bolan ýörite nusgada çykaryldy

Jeep kompaniýasy Wrangler modeliniň "Whitecap" diýlip atlandyrylan täze ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu seriýa özboluşly stili we könäni ýatladýan dizaýny, esasanam, kuzowynyň esasy elementlerinde ak reňkli bezegleriň ulanylmagy bilen tapawutlanýar...

düýn 16:30
5.4k+

Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady

Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler...