10-11-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler, diýip SNG.Today saýty GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşine salgylanyp habar berýär.
DIMG-niň gün tertibinde — GDA gatnaşyjy döwletleriň DIM-leriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça maksatnamanyň kabul edilmegi, GDA döwletleriniň oýunlarynyň meselelerini maslahatlaşmak, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, ýaragly güýçleriň, neşeleriň, psihotrop serişdeleriň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy güýçleriň bilelikdäki (birleşen) aragatnaşyk ulgamyny döretmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Arkalaşygyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde ylalaşylan resminamalar toplumy 11-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitinde garalar.
— Bu resminamalaryň içinde sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesiniň taslamasy bar. Şeýle hem korrupsiýa, terrorizm we ekstremizmiň beýleki ýüze çykmalaryna garşy göreşmek, howpsuzlyk we düzgün-tertip ulgamlarynda ygtyýarly edaralaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýän resminamalar bar – diýlip neşirde bellenilýär.
Sammitiň başynda GDA-nyň Baştutanlary 2020-nji ýylda Özbegistanyň 2020-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşar. Prezidentler şeýle hem GDA döwletleriniň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama we azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk temmileri ýerine ýetirmeleri geçirmek hakynda Konwensiýa gol çekip biler.
10-11-nji oktýabrda Aşgabatda GDA-nyň derejesinde iki sany sammit geçiriler
- 10.10.2019 06:23
- 4k+