Türkmenistandan Täjigistana barýan demir ýol geçelgesiniň möhüm şahasy açyldy

  • 26.07.2019 00:28
  • 10k+

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina demir ýol stansiýasynda gurlan 10 kilometr demir ýol şahasy dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizildi. Şeýle hem Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Dabara gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda boldular. «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine şeýle hem Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýa, daşary işler ministrlikleriniň, Kerki şäheriniň häkimliginiň wekilleri, Lebap welaýatynyň ýaşululary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdiler.
Owgan tarapyndan dabara Owganystanyň ulag ministri Ýama Ýari, bu ýurduň demir ýol ulaglary edarasynyň başlygy Mohammad Ýama Şams, Farýab welaýatynyň, Andhoýuň häkimi we beýleki ýolbaşçylar, şeýle hem Owganystanyň Türkmenistandaky ilçisi gatnaşdy, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Dabarada söz sözlenenden soňra toý bagy kesilip, 10 kilometrlik demir ýol şahasy açyldy, soňra bolsa 30 kilometr uzynlykly Andhoýa çenli demir ýoluň ilkinji rels seplemesi amala aşyryldy.
Akina-Andhoý geçelgesini gurmak hakynda Ähtnama 2019-njy ýylyň fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gol çekilipdi. Täze ýol Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Kerki-Ymamnazar-Akina geçelgesiniň dowamy bolar.

düýn 22:54
985

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......