Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny iberer

  • 23.07.2019 00:44
  • 9.6k+

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy.
Belläp geçsek, Bilim ministrligi Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ýaşaýan türkmenleriň çagalary üçin zerur bolan mekdep kitaplaryny (dürli dersler boýunça 1-5-nji klaslar üçin) iberer.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmanlaryň işinde we hassahanalarda zerur bolan derman serişdelerini we çig mal serişdelerini iberer. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi zerur bolan mekdep esbaplaryny, Dokma senagaty ministrligi matraslary, ýassyklary, dürli ýaşdaky çagalar üçin egin-eşikleri iberer.
Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 20 tonna konditer önümlerini, tebigy miwe suwlaryny, alkagolsyz içgilerini iberer - diýip centralasia.news habar berýär.
Ýatlatsak, 1-nji iýulda 60 tonna möçberde ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystana iberilipdi.
Belläp geçsek, Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberýär. Hususan-da, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystanyň demirgazyk etraplaryny ýeňillikli bahadan elektrik energiýasy bilen üpjün edip gelýär.

düýn 22:54
697

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......