Gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod halkara güwanamalaryna eýe boldy

  • 29.06.2019 14:06
  • 6.5k+

Aşgabatdaky «Mizan» işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasynyň çäklerinde mejlis geçirildi. Mejlisde edeni çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, senagat toplumynyň ösüş ugurlaryny kesgitledi.

Mejlisde şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar — Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei dagy çykyş etdi.
Mejlisiň çäklerinde tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda birnäçe abraýly güwänamalar gowşuryldy.

«Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod», Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň Ýewropa sebiti boýunça utgaşdyryjysy «Ekologiýa taýdan arassa», Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň energetika bölüminiň müdiri Urs Waýdman «Innowasion tehnologiýa» boýunça güwänamalary we degişli nyşanlary gowşurdy.

29.11.2025 09:51
3.7k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...

15.11.2025 09:34
7k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.3k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...

25.10.2025 14:25
5.4k+

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy...