Türkmenistanda gazdan sintetik benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod açyldy

  • 29.06.2019 07:23
  • 15k+

Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze iň döwrebap senagat toplumy — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy.
Täze senagat toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. 2014-nji ýylyň awgustynda döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda kärhananyň düýbi tutuldy.
«GTG» (gas to gasoline) taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasyna esaslanandyr. Bu tehnologiýa ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklykda örän az mukdarda energiýa sarp edilmegi we daşky gurşawa örän az möçberde täsir edilmegi bilen ýokary hilli benzin öndürmäge mümkinçilik berýär.
Zawodda her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetiki benzininiň 600 müň tonnasy, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy çykarylar.
Ýeri gelende aýtsak, sintetiki benzin nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýan adaty benzinlere diňe bir bäsdeş bolman, eýsem, energiýa serişdesiniň täze görnüşi hem bolup durýar. Ol hereketlendirijileriň gurluşyny üýtgetmezden awtoulag ýangyjy hökmünde-de ulanylyp bilinýär we mundan başga-da, şepbeşikligi ýokary bolan nebiti garmaga, şeýle hem nebitiň gaýtadan işlenmeginden alnan benzinleriň görnüşleri bilen goşmaga laýyk gelýär. Bu bolsa ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

düýn 19:01
3.7k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...