5.2k+

Hytaýyň Unitree kompaniýasy suw pürküji oturdylan ýangyn söndüriji robot iti döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy suw pürküji we öz-özüni sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan B2 robot itiniň ýangyn söndüriji görnüşini hödürledi. Täze model Sindao şäherinde eýýäm synagdan geçirilýär. Robot bilen esasy wersiýanyň arasyndaky esasy tapawut - robotyň arkasyna oturdylan suw pürküjiniň bolmagydyr...

6.2k+

Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar

Ýewropaly we awstraliýaly alymlar adamyň hereket edýän zatlara berýän görüş reaksiýasynyň tizliginiň gözleriň işleýiş aýratynlyklary bilen çäklenýändgini anykladylar. Bu barada Berliniň tehniki uniwersitetiniň (TU Berlin) metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär...

2.8k+

ClearSpace kompaniýasy kosmosy zibilden arassalamak tehnologiýasyny üstünlikli synady

ClearSpace kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi tarapyndan amala aşyrylýan Active Debris Removal (ADR) maksatnamasynyň ikinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Missiýanyň bu bölegi Ýere golaý orbitada ýerleşýän hatardan çykan hemralary tutmak we aýyrmak üçun zerur bolan tehnologiýalary synagdan geçirmäge we kämilleşdirmäge gönükdirildi...

6.9k+

Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Colossus superkompýuteri Memphis Supercluster taslamasynyň çäklerinde doly güýjüne işläp başlady. Onuň energiýany sarp edişi şeýle bir ýokary welin, ol 300 000 ýaşaýyş jaýynyň sarp etjek toguna barabar diýip, Tom’s Hardware habar berýär...

1.7k+

"Intuitive Machines" Moon RACER Aý roweri üçin özbaşdak ulgam döretdi

Intuitive Machines kompaniýasy Moon RACER Aý ulagy üçin awtonom hereketlendiriji ulgamyny işläp taýýarlamagy üstünlikli tamamlady. 2024-nji ýylyň aprelinde NASA Lunar Terrain Vehicle Services (LTVS) taslamasy üçin şertnama alandan soň enjamyň üstünde işlenip başlandy...

5.4k+

Ýerdäki tokaýlaryň iň takyk we jikme-jik kartasy hödürlendi

Tokaýlarda saklanýan biomassany takyk ölçemek klimatyň üýtgemegine we uglerod aýlawyna dogry düşünmek üçin örän möhümdir. Şonuň üçin hem Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Biomass» atly täze hemrany uçurdy. ESA bar bolan maglumatlary täze alnan maglumatlar bilen birleşdirip, tokaýlaryň häzirki güne çenli taýýarlanan iň jikme-jik kartasyny hödürledi...

4k+

NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy

Täze Zelandiýanyň Wanaka şäherinden asmana uçurylan NASA-nyň futbol meýdançasy ýaly ululykdaky howa şary 17 gün 13 sagat 47 minudyň dowamynda, dünýäniň daşyndan doly aýlanyp, ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady...

2.4k+

Ylmy barlag okan wagtyň beýniniň teksti nähili işleýändigini görkezdi

Okamak adama dünýägaraýşyny giňeltmäge, täze zatlary öwrenmäge we durmuşy meseleleri çözmäge kömek edýär. Ol bilim, iş we hatda ruhy sagdynlyk üçin hem möhümdir. Maks Plank adyndaky Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň hünärmenleri okan wagtyň beýniniň nähili işleýändigini, onuň haýsy bölekleriniň has işjeň bolýandygyny öwrenmek kararyna geldi diýip, Medical Xpress habar berýär...

4.2k+

Kawkazdaky tapyndy neandertallaryň oýlap tapyjylygy barada täze maglumatlary berdi

Alymlar Demirgazyk-Günbatar Kawkazdaky gowakda ýaşy 80-70 müň ýyl bolan süňkden ýasalan peýkamy tapdy. Bu tapyndy süňkden enjam ýasamaga ukypsyz hasaplanan neandertallar baradaky garaýyşlary üýtgedýär. Görnüşi ýaly, neandertallar, takmynan, 40 müň ýyl mundan ozal Ýewraziýada häzirkizaman adamlary peýda bolmazdan has öň çylşyrymly tehnologiýalary ulanan eken...

4.6k+

Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada demir ýollara Gün panelleri oturdyldy

Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada sökülip-oturdylýan Gün panelleri hereket edýän demir ýol ugruna ornaşdyrylyp, işe girizildi. Bu ulgam jemi 48 sany, hersi 385 wattlyk kuwwaty bolan fotoelektrik modulyndan ybarat bolup, ýylyň dowamynda, takmynan, 16 megawatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply diýip, «Sustainability Times» habar berýär...

3.7k+

«Jeýms Uebb» häzirki wagta çenli mälim bolan iň sowuk ekzoplanetany açdy

«Jeýms Uebb» teleskopy örän sowuk ekzoplanetanyň üstüni açdy. «WD 1856+534 b» belgili ekzoplanetanyň atmosferasynyň temperaturasy −87°C bolup, ol Ýupitere we Saturna meňzeýär diýip, «Space.com» habar berýär. Alymlar ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleriň diňe Gün ulgamynda däl, eýsem, beýleki ýerlerde hem bardygyny-ýokdugyny öwrenýärler...

1.6k+

Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler

Halkara alymlar konsorsiumy antibiotikleriň ornuny tutup biljek, ýöne başgaça işleýän täze molekulany döretdi. Ol bakteriýalary öldürmegiň ýerine, olary adam immunitetiniň öňünde has ejiz edýär, ýagny bedeniň özüne ýokançlyga garşy göreşmäge kömek edýär...

6.5k+

Täze rekord: 18 sagadyň dowamynda alty raketa kosmosa ugradyldy

Dünýä boýunça täze rekord goýuldy – 18 sagadyň dowamynda alty dürli göteriji raketa orbita ugradyldy diýip, «Space.com» habar berýär. Ilkinji uçuş Hytaýda boldy: 29-njy aprelde gijesine Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan «Long March 5B» raketasy Guowang hemra ulgamy üçin niýetlenen hemralary orbita çykardy...

2.5k+

Alymlar geljekki kosmos bazalary üçin balyk fermalaryny işläp taýýarlaýar

Fransiýada alymlar sibas balygyny adatdan daşary wezipe üçin taýýarlaýarlar – ol Aýda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji görnüş bolar. «Lunar Hatch» taslamasy geljekki astronawtlary balyk bilen üpjün eder we Aýdaky ýaşaýyş nokatlary üçin ýapyk iýmit zynjyry döretmäge mümkinçilik berer diýip, «The Guardian» ýazýar...

11k+

 Alymlar Ýeri Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowatmagy teklip edýär

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary Boeing 777F uçarlaryny global ýylama bilen göreşmek üçin ulanmagy teklip etdi. Bu uçaryň kömegi bilen aerozollary polýuslarda, mysal üçin, Norwegiýa ýa-da Alýaska sebitinde 13 km belentlikde sepmek bolýar diýip, hünärmenler aýdýar...

4.2k+

Suwuň we betonyň içinden maglumatlary geçirip bilýän ilkinji aragatnaşyk hödürlendi

Şotlandiýanyň Csignum startapynyň inženerler topary dykyz suwdan, buzdan we hatda beton gurluşlardan aňsatlyk bilen geçip bilýän öwrülişikli aragatnaşyk ulgamyny döretdi. Olaryň işläp taýýarlan EM-2 önümi suw bilen howanyň araçägini bökdençsiz geçmek üçin ( häzirki bar tehnologiýalar üçin kyn mesele) pes ýygylykly elektromagnit meýdanlaryny ulanýar...

6.2k+

Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler

ABŞ-da Tafts uniwersitetiniň alymlary doňzuň äňinde adam dişlerine meňzeş dişleri ösdürdi. Stem Cells Translational Medicine žurnalynda beýan edilen tejribe biologiki diş implantlaryny döretmäge tarap ýol açýar...