Sambo boýunça 2023-nji ýylyň Dünýä çempionaty Müsürde geçer

  • 08.10.2022 22:20
  • 6.2k+

2023-nji ýylyň sambo boýunça dünýä çempionatyny Müsür kabul eder diýip, Sambonyň halkara federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär.

Degişli karar Sambonyň halkara federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary tarapyndan kabul edildi.
Turnir 2023-nji ýylyň 10-12 noýabry aralygynda geçer.
Halkara senenamasynyň taslamasyna laýyklykda, Ýewropanyň sambo boýunça çempionaty we ýaşlar birinjiligi aprel aýynda Ysraýylda birbada birnäçe ýaş kategoriýalary boýunça geçer: kadetler, ýetginjek oglanlar we gyzlar, ýunior oglanlar we gyzlar, şeýle hem ulular: erkekler, aýallar we söweş sambosy.
2023-nji ýylyň kenar sambosy boýunça dünýä çempionaty Dominikan Respublikasynda awgust aýynda geçer. Şol wagtda Dominikan Respublikasynda Panamerikanyň çempionaty hem bolar.
2023-nji ýylyň Afrika çempionaty maý aýynda Marokkoda geçer.
Iýun aýynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçer, turniriň geçiriljek ýeri — Gazagystan.
2023-nji ýylda üç sany Dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Olar Dominikan Respublikasynda, Gyrgyzystanda we Serbiýada geçer. Şeýle hem ýylyň dowamynda dürli ýurtlarda yklym kuboklary we halkara turnirler geçiriler.

şu gün 13:48
770

Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi

“Al-Nasr” saud futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin öý eşigini resmi taýdan hödürledi. Tanyşdyryşa toparyň öňdebaryjy oýunçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we toparyň täze oýunçysy Žoau Feliks gatnaşdy diýip, Footy Headlines habar berýär...

düýn 15:42
1.4k+

Aşgabatda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş tamamlandy

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde çagalaryň we ýetginjek türgenleriň arasynda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryş tamamlandy...

düýn 09:01
6.6k+

Türkmen lukmanlary ilkinji gezek çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly operasiýany geçirdiler

Türkmenistanyň hirurg lukmanlary Germaniýadan çagyrylan hünärmen bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji gezek selektiw dorsal rizotomiýa — çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly neýrohirurgiki operasiýany üstünlikli geçirdiler...

17.08.2025 23:29
3.4k+

Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi

Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi. Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi...