Hökümet mejlisinde Dabaraly maslahaty geçirmäge taýýarlyk işleri maslahatlaşdy

  • 18.09.2022 14:00
  • 11k+

17-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli çäreleri hem-de Türkmenistanyň Dabaraly maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hasabat bermegine görä, şanly sene mynasybetli Aşgabady baýramçylyk görnüşinde bezemegiň taslamasy taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanynyň garamagyna  hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramyna – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahaty geçirmäge göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 
Döwlet Baştutany öňde boljak dabaralaryň ählumumy şadyýanlyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere baş şäherimizi baýramçylyk görnüşinde bezemek hem-de ähli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda alyp barýan taýýarlyk işleri barada anyk tabşyryklary berdi.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......