Çempionlar ligasynda «Mançester Siti» «Borussiýadan» üstün çykdy

  • 15.09.2022 08:57
  • 11k+

UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň duşuşygynda «Mançester Siti» Dortmundyň «Borussiýasyndan» üstün çykdy.

Mançesterde geçirilen oýun 2:1 hasabynda tamamlandy. «Borussiýa» 56-njy minutda Jub Bellingemiň tagallalary bilen hasaby açdy. 80-nji minutda «Sitiniň» goragçysy Jon Stounz hasaby deňledi. Iňlis klubuna ýeňiş goluny 84-nji minutda Erling Holand getirdi. Holand öňki üç möwsümi «Borussiýada» geçiripdi. Ol öňki klubuna geçiren goluny dabaraly belläp oturmady.
G toparynda «ManSiti» 6 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. «Borussiýa» 3 utuk bilen ikinji, «Kopengagen» we «Sewilýa» bolsa 1 utuk topladylar. Ikinji tapgyrda olar öz aralarynda 0:0 hasap bilen oýnadylar.
«Ýuwentus» öz meýdançasynda Portugaliýanyň «Benfikasyndan» 1:2 hasabynda ýeňildi. Italýan kluby toparlaýyn tapgyrynyň iki duşuşygynda hem ýeňildi we toparynda «Makkabi» bilen soňky orny paýlaşýar. «Benfika» bolsa «Makkabini» 3:1 hasabynda ýeňen «Pari Sen-Žermen» bilen bilelikde 6 utuk bilen birinji orny paýlaşýar.

Beýleki duşuşyklaryň netijeleri:
A topar: "Reýnjers" (Şotlandiýa) - "Napoli" (Italiýa) - 0:3.
E topar: "Çelsi" (Angliýa) - "Zalsburg" (Awstriýa) - 1:1, «Milan» (Italiýa) - «Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa) - 3:1
F topar: "Real" (Ispaniýa) - "RB Leýpsig" (Germaniýa) - 2:0, «Şahtýor» (Ukraina) - «Seltik» (Şotlandiýa) - 1:1


düýn 23:21
2.2k+

«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady

«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi...

düýn 13:42
8k+

Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy

Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi...

27.12.2025 20:56
11k+

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar...

27.12.2025 10:49
6.3k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder...