Reuters: ABŞ-da dünýäde iň gymmat derman serişdesi ulanmak üçin tassyklandy

  • 20.08.2022 23:54
  • 10k+

Amerikaly alymlar gan goýberme zerurlygyny aradan aýryp biljek bir gezek ulanylyş üçin derman serişdesini patentlediler.

Bluebird bio (BLUE.O) biogen bejergisi seýrek keseli bolan näsag adamlar üçin ABŞ-nyň Iýmit önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik boýunça edarasy tarapyndan tassyklandy. Öndürijiniň aýtmagyna görä, täze serişdäniň bahasy 2,8 mln dollara barabar. Bu barada runews24.ru belleýär.
Bu bejergi yzygiderli gan goýbermäni talap edýän seýrek kesel bolan beta-talassemiýaly näsaglar üçin niýetlenýär. Olarda gemoglobiniň beta-zynjyrlarynyň sinteziniň azalýandygy ýa-da olaryň düýbünden ýoklugy görünýär. Bu agyr ganazlyga getirip ýa-da kliniki alamatsyzlyga sebäp bolup bilýär. Her ýyl dünýäde her 100 müň adama bir kesel hadysasy hasaba alynýar.
Häzirki wagtda ABŞ-da 1,5 müň töweregi hassa bu keselden ejir çekýär. Olar her iki-bäş hepdeden gan goýberilmä mätäçlik çekýärler diýip agentlik habar berýär. Analitikler bejerginiň gymmatlygy sebäpli ätiýaçlandyryş kompaniýalary tarapyndan käbir garşylyklara duçar bolup biljekdigini belleýärler.


09.06.2026 23:14
7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....