Aşgabat forumyna gatnaşyjylar üçin tanyşlyk gezelençleri guralar

  • 19.07.2022 08:01
  • 21k+

Şu gün - 19-njy iýulda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlis görnüşinde dowam edýär. Onuň gün tertibine ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny, bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler.

Şeýle-de forumyň çäklerinde sylaglaýyş dabarasyny geçirmek, özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Forumyň işi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegine hem-de paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gezelençleri guramak we Türkmenbaşy şäherine sapar meýilleşdirildi. Onuň çäklerinde myhmanlar Halkara deňiz portuna baryp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän bu döwrebap desganyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwaty bilen tanşarlar.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......