Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar

  • 17.07.2022 09:15
  • 15k+

Xiaomi 12T Pro ady bilen uly bazara çykjak Redmi K50S smartfony kompaniýanyň hatarynda ilkinji bolup 200-megapiksellik kamerany alar.

Bu barada diýseň ygtybarly insaýder Digital Cat Station habar berýär. Ol öz wagtynda Redmi K30-yň, K40-yň, K50-niň, şeýle hem Xiaomi Mi 10-nyň, Mi 11-iň we Xiaomi 12-niň häsiýetnamasyny we haçan çykjagyny takyk habar beripdi.
Ol täze smartfonyň SoC Snapdragon 8 Plus Gen 1, 120 gerslik ekran we sygymy 5000mA/s bolan akkumulýator bilen üpjün ediljekdigini aýtdy. Kamera hakyndaky maglumatlary hasap etmäniňde-de, ähli beýleki parametrler smartfona öň hem birnäçe gezek goşulypdy. Şonuň ýaly-da, Xiaomi 12T Pro-nyň 200-megapiksellik datçiginiň bardygyny nygtap birnäçe gün mundan owal başga bir çeşme hem ýazdy, diýmek, şeýle görnüşiň çykjakdygyna ynam ýokarlandy.  Mundan hem başga, bu maglumatlar görnüşleriň ikisiniň-de, ýagny Redmi K50S Pro-nyň hem, Xiaomi 12 T Pro-nyň hem 200 megapiksellik kamerasynyň boljakdygyny aňladýar, diýmek ikisi hem birmeňzeş bolar. Xiaomi şular ýaly, ýöne kamerasy başga apparatlary dürli bazarlara öňem birnäçe gezek çykarypdy. 
Motorola Edge X30 Pro 200-megapiksellik kameraly birinji smartfon bolmaly, ol basym çykar diýip garaşylýar. 


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......