Tennisçi Rojer Federer karýerasyny tamamlamak isleýändigini aýtdy

  • 13.07.2022 11:58
  • 6.5k+

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek çempiony, dünýäniň öňki birinji raketkasy, şweýsariýaly Rojer Federer ýene-de karýerasyny tamamlamak isleýändigini aýtdy. 8-nji awgustda Rojer 41 ýaşaýar diýip, ua.football.com belleýär.

“Men ýeňiş gazanmagy gowy görýärin, ýöne eger seniň mundan beýläk ýaryşmaga islegiň ýok bolsa, onda bes edeniň gowudyr. Men maňa tennis gerekdir diýip pikir edemok. Men ownuk zatlara-da, mysal üçin, oglum bir zady dogry edende ýa-da gyzym gowy baha bilen mekdepden gaýdyp gelende begenmäge taýýar. 

Tennis – bu meniň şahsyýetimiň diňe bir bölegi. Men üstünlikli galasym we energiýamy biznese siňdiresim gelýär, ähtimal, men kähalatlar gereginden artyk berýändirin. Ýöne muny sportdan daşary etseňem bolar. Men professional karýeranyň ömürlik dowam etmeýändigini bilýärin we bu gowy” – diýip, “Algemeen Dagblad” Federeriň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Federer 2020-nji ýylda çep dyzyndan operasiýa geçirip, möwsümiň bir bölegini sypdyrdy. Şol möwsümde Rojer Dohadaky (Katar) we Ženewadaky (Şweýsariýa) ýaryşlarda çykyş edip, irki tapgyrlarda çykyp gaýtdy. 


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....