Aurus 600 km ýöreýiş ätiýajy bolan wodorodly sedanyny tanyşdyrdy

Aurus 600 km ýöreýiş ätiýajy bolan wodorodly sedanyny tanyşdyrdy

Kaşaň awtoulaglaryň Aurus rus brendi wodorod ýangyjynda işleýän ilkinji sedanyny görkezdi. Täze ulagy Ýekaterinburgda geçýän "Innoprom" sergisinde köpçülige görkezdiler. TASS-yň anyklamagyna görä, NAMI-niň diwarlygynda häzirlikçe diňe ulagyň tejribe nusgasy goýlan, täze ulagyň tapgyrlaýyn önümçiligine heniz badalga berilmändir. 

Awtoulagyň elektroenergiýany we wodorody harçlamaga ukyply garyşyk elektrogurluşy bar. Täze ulagyň ýöreýiş ätiýaçlygy 600 kilometr. 100-e çenli bat almagy üçin sedana 4 sekunt gerek.
Şonuň ýaly-da, Aurus sergide öz ilkinji motosiklini görkezdi. Onuň kuwwaty 140 kWt bolan elektriki gurluş bilen üsti ýetirilen.
100-e çenli bat almak üçin modele 3,7 sekunt gerek. Täze ulagyň bezeg aýratynlygy sedan Senat we geljekki Komendant kysymly krossower bilen bir biçüwde ýerine ýetirilendir.