Geely awtoöndürijisi Meizu-nyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyny satyn aldy

  • 05.07.2022 09:17
  • 2.7k+

Geely awtoöndürijisine degişli bolan Xingji Times kompaniýasy Meizu smartfon brendini resmi taýdan satyn aldy. Ol geljekki meýilnamalaryň käbirlerini aýan etdi diýip, ferra.ru habar berýär. 

Indi Xingji Times kompaniýasyna Meizu-nyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy – 79,09% degişli. Satyn alnandan soň Hytaýyň smartfon öndürijisiniň top-menejmenti öňküligine galar. Ýöne Xingji Times-iň wise-başlygy Şen Szýuý indi Meizu Technology-nyň hem başlygy bolar. Beýleki bir tarapdan, Huan Çžipan henizem brendiň baş direktorydyr.
Bellenilişi ýaly, Meizu öňküsi ýaly garaşsyz brend hökmünde işlär. Şeýle-de, kompaniýa 2023-nji ýylda täze flagman smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär. Häzirlikçe bu barada jikme-jik maglumat ýok. 

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......