Serdar Berdimuhamedow Belarusuň Prezidentini gutlady

  • 04.07.2022 11:26
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenka Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezident mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenka tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.


şu gün 13:59
358

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

düýn 23:33
7k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

25.04.2026 13:45
18k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

25.04.2026 13:39
15k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....