Stambula syýahatçylar akymy soňky 33 aýda iň ýokary derejä ýetdi

  • 03.07.2022 10:58
  • 7.6k+

Stambul şäheri şu ýylyň maý aýynda 1 mln 402 müň 366 daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi, bu hem soňky 33 aýda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Stambulyň sebitleýin Medeniýet we syýahatçylyk edarasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda türk şäherine baran daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 5 mln 284 müň 714 adama deň boldy. Şol bir wagtyň özünde, maý aýynda Stambula howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň sany 1 mln 381 müň 339 adam, deňiz arkaly gelenleriň sany 21 027 adam boldy.
Howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň 72,85%-i “Stambul” howa menziliniň, 27,04%-i bolsa Sabiha Gýokçen howa menziliniň paýyna düşýär. 
Iň köp syýahatçy Stambula Germaniýadan geldi – 115 635 adam. Onuň yzyndan gelýär: Eýran – 98 751 adam, Russiýa – 92 455, ABŞ – 70 733, Beýik Britaniýa – 65 243, Fransiýa – 57 824, Ysraýyl – 46 755, Yrak – 34 816, Niderlandlar – 34 777 we Özbegistan – 32 204.
Stambula syýahatçylar akymynda germaniýalylaryň paýy 8,25 göterim, eýranlylar – 7,04 göterim, ruslar – 6,5 göterim, amerikanlar – 5,04 göterim, britaniýalylar – 4,65 göterim, fransuzlar – 4,12 göterim we ysraýyllylar – 3,33 göterim. 
Umuman, Stambula dünýäniň 194 ýurdundan syýahatçy bardy. Tuwalu, Mikroneziýa Federatiw Ştatlary, Tonga, Papua-Täze Gwineýa we Gaýana döwletlerinden syýahatçy örän az bolup, hersine bir adamdan düşýär.


düýn 23:58
1.1k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.5k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......