ABŞ-da Apple we Google kompaniýalary dükanlaryndan TikTok-y aýyrmaga çagyryldy

  • 02.07.2022 11:42
  • 11k+

ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasynyň (FCC) başlygy Brendan Karr Apple bilen Google kompaniýalaryny programmalar dükanlaryndan TikTok sosial ulgamyny aýyrmaga çagyrdy. Bu barada ol Twitterde ýazdy diýip, TASS habar berýär.

Karr programma şahsy maglumatlary gizlin ýygnamak bilen meşgullanýar diýip hasaplaýar, şu hem onuň amerikan tehnologiýa ägirtlerine şeýle teklip bilen ýüzlenmegine sebäp boldy. Komissar, käbir gözleglere görä, programmanyň “gizlin maglumatlary ýygnap, olary Pekine iberýändigini” duýdurdy.
Karryň maglumatlaryna görä, sosial ulgamyň habar garalamalaryna, gözlegiň we görlenleriň taryhyna, düwmeleri basmagyň kombinasiýasyna, biometrik kesgitleýjilere, şeýle-de gurluşyň alyş-çalyş buferinde saklanýan tekste, suratlara we wideolara elýeterliligi bar.
Gysga wideolary ýüklemäge mümkinçilik berýän TikTok sosial ulgamy 2017-nji ýylda, onuň halkara wersiýasy bolsa 2018-nji ýylyň awgust aýynda işe girizildi. Onuň eýesi Hytaýyň ByteDance tehnologiýa kompaniýasydyr. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda TikTok-yň aýlyk işjeň auditoriýasy 1 milliarda ýetdi.  


15.12.2025 16:39
1.8k+

Android-de ýagdaýy çalt seljermek üçin dessin gulluklar bilen wideojaň mümkinçiligi giriziler

Google kompaniýasy Android Emergency Live Video funksiýasyny yglan etdi. Bu funksiýa Android smartfonlarynyň eýelerine öz enjamlarynyň kamerasyndan dessin kömek gulluklarynyň dispetçerlerine göni wideony ýaýratmaga mümkinçilik berýär...

15.12.2025 14:52
1.1k+

ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy

Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar...

15.12.2025 09:17
946

Google Translate ähli Android enjamlar üçin sinhron terjime funksiýasyna eýe boldy

Google kompaniýasy Google Translate hyzmatynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Esasy üýtgeşme indi islendik nauşnik modeli bilen işleýän sözleýşi sinhron terjime etmek funksiýasy boldy. Ozal bu mümkinçilik diňe Pixel Buds-yň eýelerine elýeterlidi...

15.12.2025 08:41
1.3k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...