Гурбангулы Бердымухамедов обратился к участникам Молодежного межпарламентского форума СНГ

  • 10.06.2022 07:40
  • 9.7k+

9-njy iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” atly şygar astynda geçýär. Bu çäre iki şanly senä — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy.

Şu gezekki forumyň gün tertibine ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri girizildi, häzirki döwrüň wehimleri hem-de ýaşlaryň jemgyýetçilik diplomatiýasynyň eýeleýän orny, GDA giňişliginde ýaşlaryň parlament düzümleriniň tejribesi, olary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly çykyşynda belleýşi ýaly, 1992-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy hereket edýän 30 ýylynyň dowamynda özüni parlamentarileriň halkara derejede üstünlikli hyzmatdaşlygy üçin netijeli düzüm hökmünde görkezdi. Şu döwrüň dowamynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan GDA gatnaşyjy döwletleriň umumy kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmegine gönükdirilen 600-den gowrak model kanun kabul edildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda şu ýyl döredilmeginiň 10 ýyllygyny belleýän Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň möhüm ornuny hem belledi. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň 22-nji noýabrynda döredilip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwletara düzümi bolan bu gurama ýaş parlamentarileri özara gyzyklanma bildirýän köp meseleler boýunça bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga işjeň çekýär.

Iki günläp dowam etjek forumyň iş maksatnamasynda plenar mejlisler, strategik mejlisler, pikir alyşmalar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, ussatlyk sapaklary we beýleki çäreler bar.


03.05.2026 12:23
8.5k+

​Глава Халк Маслахаты ознакомился с ходом возведения мечети и музея в Аркадаге

​2 мая председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов посетил город Аркадаг, где детально ознакомился с ходом возведения мечети и сопутствующих объектов в рамках второй очереди застройки....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Туркменистан примет участие в крупных мероприятиях в Казани, Лондоне и Баку

В мае представители Туркменистана примут участие в ряде крупных международных мероприятий. Об этом в пятницу на заседании Правительства по цифровой системе отчитался вице-премьер, министр иностранных дел Рашид......

29.04.2026 15:09
1.5k+

В МИД Туркменистана подвели итоги внешнеполитической деятельности с начала года

28 апреля министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл брифинг, посвящённый основным событиям международной деятельности страны с начала года. Об этом сообщили в пресс-службе внешнеполитического......

22.04.2026 14:43
11k+

Национальный Лидер выразил недовольство ходом строительных работ в Аркадаге

На рабочем совещании в городе Аркадаг председатель Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедов выразил недовольство темпами и качеством строительных работ, проводимых в рамках второй очереди застройки города....