Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleri Hans Klýuge bilen duşuşdylar

  • 24.05.2022 01:31
  • 10k+

22-nji maýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa şäherindäki bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan duşuşyga ýokary derejeli Hökümet wekiliýetleri gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ”Ýeketäk saglyk” konsepsiýasyny ösdürmek we durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary hem-de Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýşy goldamagyň Ýol kartasy maslahatlaşyldy. 

BSSG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysy Hans Klýuge Merkezi Aziýa sebitine ileri tutulýan sebit hökmünde goldawyny beýan etdi, esasan-da, Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýşy goldamagyň Ýol kartasyny bilelikde  işläp düzmek we ony ýerine ýetirmek boýunça işlerde hyzmatdaşlygyň ugurlary aýdyldy. 

Öz içine saglygy goraýşyň uly bölegini aljak Ýol kartasy Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary tarapyndan kabul ediler diýlip çaklanylýar.


düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....