Ilon Mask indiki ýyl öz-özüni dolandyrýan Tesla-nyň çykaryljakdygyny aýtdy

  • 23.05.2022 17:23
  • 11k+

Amerikaly telekeçi we milliarder Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň has kämil awtomatik dolandyryjyly täze elektrokar modelini çykarjakdygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, täze elektrokar 2023-nji ýylda peýda bolar. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Kompaniýa tarapyndan öndürilýän häzirki elektrokarlar ulagyň ugruny gönükdirmegi öz üstüne alyp, tormoz bermäge we bat almaga ukyplydyr. Şeýle-de bolsa, gezelenç üçin sürüji ruluň başynda oturmaly we gezelenji gözegçilikde saklamaly bolýar.
Mask täze modeliň sürüjiden dolandyryşa gatnaşmagyny talap etmejekdigini nygtaýar. Ol Tesla-nyň ýolagçylar we beýleki herekete gatnaşyjylar üçin howpsuz boljakdygyna ynanýar. Awtoulag ABŞ-nyň düzgünleşdiriji edaralarynyň şahadatnamasyndan geçmeli bolar. 


düýn 23:24
685

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

12.05.2026 14:52
1.9k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......