29-njy maýda Türkmen halysynyň baýramy köpugurly çäreler bilen belleniler

  • 20.05.2022 13:00
  • 5.9k+

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli 29-njy maýda haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan serginiň, türkmen halyçylyk sungatyna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiasiýasynyň maslahatynyň, halyçy gelin-gyzlary sylaglamak dabarasynyň hem-de medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bu ugurda ýörite taýýarlanan iş maksatnamasy barada Hökümetiň 19-njy maýdaky mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow hasabat berdi. Döwlet Baştutany milli halyçylyk pudagynyň gazananlaryny dünýäde wagyz etmek işinde geçirilýän forumlaryň eýeleýän möhüm ornuny we ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de ilerletmäge, Diýarymyzyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady hem-de wise-premýere olary ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.


şu gün 00:03
451

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......