Türkmenistanyň ykdysady ugurly kanunlary kämilleşdiriler

  • 20.05.2022 12:59
  • 18k+

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden, Söwda-senagat edarasyndan, Dokma senagaty ministrliginden “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, Gümrük kodeksini, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowşan teklipler öwrenilýär. Bu barada Hökümetiň 19-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa habar berdi.  

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň maglumatyndan mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de onuň Salgyt müdiriýetiniň hünärmenleri bilen bilelikde, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda”, “Kärhanalar hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Lizing hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işini alyp barýarlar.


şu gün 19:44
194

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....