Eýran bilen Türkmenistan elektroenergiýa söwdasyny giňeltmegi maslahatlaşdylar

  • 19.05.2022 14:52
  • 7.6k+

Eýranyň energetika ministriniň suw üpjünçiligi we suw akabasy meseleleri boýunça orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti suw, elektrik energiýasy pudagyndaky eýran-türkmen hyzmatdaşlygy we ony ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.

Eýranyň Energetika ministriniň orunbasary Mohammad Jawanbaht Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow bilen duşuşyp, pudaklaryň arasyndaky özara ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gepleşikleri geçirdi diýip, Mehrnews habar berýär.
Taraplar elektrik energiýasy ulgamynda mundan beýläkde özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler we inžener-tehniki hyzmatlar babatynda alyş-çalşy giňeltmek barada  ylalaşyga geldiler. Onuň esasynda, geljekki taslamalar bilen ýerinde tanyşmak üçin,  ýakyn günlerde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýetiniň Eýrana gelip görmegi karar edildi.


şu gün 02:06
393

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:03
3k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

25.04.2026 13:45
15k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......