Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 18.05.2022 07:59
  • 15k+

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Sankt-Peterburgyň köpugurly holdingi ýurdumyzda gurlan ýol-ulag düzüminiň iri desgalarynyň birnäçesiniň potratçysy boldy. Häzir “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrýar. Igor Bukato bu möhüm inženerçilik-tehniki desgadaky işleriň barşy barada hasabat berip, holdingiň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ony giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasy bilen şertlendirilendir. Şunda türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň ýurdumyzyň daşary ýurtly işewür toparlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoluna düşmek bilen, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga, ugurdaş düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. 


şu gün 19:25
106

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......